BILIM – BAGTLY GELJEGIŇ BINÝADY

     Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim – bagtly geljegiň binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

     Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

     Çykyşlarda bellenişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi we has-da kämilleşdirilmegi ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi kuwwatly watanyň ösüşlerine uly itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bina edilýän bilim ojaklarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Çagalar baglaryndan başlap ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň artmagy ösen döwrüň talaplaryndan ugur alynmagy, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda bilimli ýokary düşünjeli, Watanyny, il-gününi jany teni bilen söýýän, ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ösen döwrüň talabydyr. Hut şu nukdaýnazardan, Diýarymyzda merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgeleri günsaýyn rowaçlanýar. Halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar.

     Bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwrebaplylygy döwlet syýasatyndan öňe sürülýän möhüm ugurlaryň esasyny düzýär. Şeýlelik-de ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolmaga mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde häzirki wagtda ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň çäklerinde we dünýäde geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Bu üstünlikler ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň düýpli bilim almagy, isleg bildirýän hünärleriň eýeleri bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçilikdir. Şeýle hem çykyşlaryň her birinde, şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, ähli babatda ýaş nesillere nusgalyk ýol-ýörelge bolýan, Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeli başlarynyň belent bolmagyny, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY