KÜŞTDEPDI – KÖŇÜLLERIŇ JOŞGUNY

     Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly adyl syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem gadymy we baý milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolan halk döredijiliginiň bir görnüşi-de küştdepdidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, küştdepdi halk döredijiliginiň köp öwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär hem-de geçen döwürleriň ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik energiýasynyň sazlaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmegi bolsa, küştdepdi aýdym we tans sungatyna dünýä derejesinde gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär. Küştdepdi — ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy. Şonuň üçin hem ol köplenç ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýöne käwagt oňa özleriniň şatlygy we joşgunlary bilen ýaşlardan birjik-de kem oturmaýan ýaşuly ýaşdaky adamlar hem goşulyşýarlar. Tans ýaşlaryň we gyzlaryň hoş labyzly ýerine ýetirmeklerinde «gazal» aýtmaklaryndan başlanýar. Munda olar tansyň ilkinji akgynly hereketlerini edýärler. Olaryň töwereklerindäkiler sazlaşykly çapak çalmak bilen, olaryň ýerine ýetirýän hereketlerine syn edýärler. Her bir «gazalyň» ahyrynda olar biri-birini öjükdirýän ýaly we tansyň ritmine goşulýan ýaly däbe öwrülen «eý-ha», «uh-hu», «küşt-küşt» ýaly heňlerini aýdýarlar.

 

Jennet GULMYRADOWA,

TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar