Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe «Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda her bir günümiz taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdymyzda medeni mirasymyzy, milliliklerimizi gorap saklamakda, uly işler alnyp barylýar. 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmegi bolsa, küştdepdi aýdym we tans sungatyna dünýä derejesinde gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär. Türkmen halk döredijiliginiň bu žanry häzirki wagtda toýuň bezegi. Küştdepdiler ilkibaşda döwletimiziň günbatar topar etraplarynda döreýär. Ol esasanam ýomut-gökleň türkmenleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Küştdepdileriň bentleri mazmun taýyndan toý aýdymlaryndan (öleňlerden), monjugatdylardan, lälelerden känbir tapawutlanmaýar. Emma küştdepdiler gözelligi, çuňňur duýgyny döredýändigi, has täsirlidigi, köpçülikleýin ýerine ýetirilýändigi bilen halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň beýleki žanrlaryndan parhlydyr. Läleleri, monjugatdylary diňe gelin-gyzlar aýtsalar, küştdepdileri dürli ýaşdaky aýal-gyzlar erkek adamlar bilen bilelikde ýerine ýetirýär. Küştdepdi bentleri-de mydama durnuklylygyny saklamaýar. Toý-dabarasynyň haýsy obada geçirilýändigine garap, bentleriň mazmunyna üýtgetmeler girizilip durulýar. Pursatdan peýdalanyp Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Meýlis ATAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.