BILIMLI NESLIŇ ALADASY

     «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesil hakda bimöçber alada edýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, terbiýelenmegine we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilýän ägirt uly üns-alada şeýle diýmäge esas berýär.

     Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle-de täze okuw ýylyna görülýän ykjam taýýarlyk işlerinde hem ýaş nesil hakdaky alada aýdyň ýüze çykýar. Şanly günde täze, döwrebap bilim ojaklary toý ruhunda açylar, 1-nji synpa gadam basjak mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan «Bilimli» kompýuterleri gowşurylar. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagy beýik watançylyk we ynsanperwerlik ruhuna beslenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçer. Bu bolsa, ýaş nesliň berkarar Watanymyza,  mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryna, eşretli döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrar.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, öňdäki şanly wakalaryň ýatda galyjy we täsirli bolmagy ugrunda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Fewral 2025 | 41 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 49 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY

18 Fewral 2025 | 67 okalan

DÜZZÜM ÝARYŞY ÖKDELERI ÖŇE SAÝLADY