BILIMLI ÝAŞLAR BUÝSANJYMYZDYR

     Düýn ýurdumyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Şu mynasybetli, ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze 2024 – 2025-nji okuw ýylynyň başlaýandygyny buşlaýan ilkinji jaň sesleri ýaňlandy. Eziz Diýarymyzyň ähli okuw jaýlarynda dabaraly çäreler geçirildi. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaşlara bilimleriň hem-de uly açyşlaryň ýagty ýoluna ak pata berdi.

     Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň doly derejeli we köpugurly bilim almagyna, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaş nesil baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

     Ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.

 

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI