Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşlere beslenýän, dürli ugurlarda we ulgamlarda öňegidişlikleriň, belent sepgitleriň gazanylýan, türkmen halkyna ýeňişleriň baky ýaran bolýan ajaýyp zamanasy. Çünki halkyň başynda ak arzuwly ertirlere ýeňişli ýollar bilen ynamly öňe alyp barýan ýurt baştutany Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Her bir tutumly başlangyçlary rowaçlanýan hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde, bu günki gün ýurdumyzyň haýsy pudagyny alanyňda-da, diňe ösüşlere beslenýändigini aýdyň görmek bolýar. Gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzy, esasan hem ýaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, täze-täze gözleglere iterýär. Çünki okamak, öwrenmek, halal we önjeýli zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, eşretli döwrüň hözirini görüp ýaşamak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Şol ajaýyp şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen ýaşlary häzirki ösen tehnologiýalar eýýamynda dünýä ülňülerine laýyk bilim-ylym alýarlar, ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidip, alan bilim-ylymlaryny ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirýärler. Olar kämil jemgyýetimize mynasyp ýaşlar bolup, jemgyýetiň ählitaraplaýyn ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
«Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýýän Gahryman Arkadagymyz ýaşlara uly ynam bildirip, ýurdumyzyň geljegini şu günki ýaşlarda görýär. Çünki ýaşlar geljekde Watanymyzyň şu günki ösüşlerini, öňegidişliklerini dowam etdirmeli, ýurdumyzy has-da belent sepgitlere ýetirmeli. Ýaşlaryň öňünde şeýle beýik wezipeleri goýup, şol öňde durýan maksatlary amala aşyrmak üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar üçin ähli amatly şertleri döredip berýär.
«Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» hem ýaşlary ählitaraplaýyn başlangyçlarda goldamak, olaryň bilim-ylym derejelerini ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak, olary sporta höweslendirmek, hukuk düşünjeliligini artdyrmak, iş bilen üpjünçiligini gurnamak, telekeçiligi ösdürmek, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini pugtalandyrmak, mümkinçilikleri çäkli ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak we olaryň arasynda dürli çäreleri durmuşa geçirmek, ýaş maşgalalary goldamak ýaly giň gerimli çäreler meýilleşdirilip, bular üstünlikli durmuşa geçirilýär we aýdyň netijelerini berýär.
Şeýle bagtly-bagtyýar zamananyň ýaşlarynyň bu gün ümzügi öňe, täze üstünliklere, täze belent sepgitlere, täze ýeňişlere tarap. Çünki ýaşlar elmydama gözlegde bolup, Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan» diýen şygaryndan ruhlanyp, Watanymyzy öňe, mundan-da beýik sepgitlere alyp gitmekde esasy hereketlendiriji güýç bolup durýarlar. Ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolup çykyş edýärler.
Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilmegi, döwletimiziň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilip, ýaşlaryň bilim-ylym derejelerini ýokarlandyrmaklyga ýurdumyzda aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Çünki bilimli-ylymly ýaşlar döwletimiziň synmaz binýady bolup durýar. Ýurdumyzda orta, hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara berilýän bilim dünýä ülňülerine laýyk gelmek bilen, türkmen ýaşlary bu günki ösen tehnologiýalar eýýamynda dünýäniň we döwrüň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidýärler. Bu bolsa, ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyryp, olaryň okuwa, işe bolan höweslerini has-da artdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ýurdumyzyň ähli bilim işgärlerini, okuwçy we talyp ýaşlarymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!
Ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda ähli şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülşat GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.