TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň giň toý meýdançasynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

     Türkmeniň alty ganat ak öýleriniň töweregindäki milli öwüşginli sergiler özüne çekiji boldy.  Ýaş suratkeşleriniň işleriniň sergisinde türkmen alabaýynyň keşbi çeper beýanyny tapypdyr. Uly gyzyklanma döreden sergi bilen tanyşlykdan soňra, dabara gatnaşyjy ýaşlar we beýleki myhmanlar welaýatymyzyň medeniýet we sungat, halk döredijilik toparlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etdiler. Joşgunly aýdym-sazlarda türkmen alabaýlarynyň waspy belentden ýetirildi.

 

Röwşen MAKSATMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 80 okalan

PAGTAÇYLARA RUHY LEZZET PAÝLAN DABARA

04 Noýabr 2025 | 84 okalan

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

01 Noýabr 2025 | 217 okalan

TARYHY WAKANYŇ ŞANYNA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK