Bedew atlar — toýlaryň görki

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk dabaralary Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dowam etdi.

 Halkymyzyň bedew ata bolan söýgi-sarpasy dessandyr rowaýatlaryň, hekaýatdyr hakykatlaryň, kitapdyr hakydalaryň üsti bilen şu günlerimize gelip ýetdi. Şol ertekilerdäki çapyp-çapyp däli derýalardan aşýan, galalaryň üstünden böküp geçýän, uçup-uçup ýedi gat asmana çykarýan, ýeliň yzyndan kowalap ýetýän, tükel esbaby şaý bolanda Süleýman tagtyny küýsetmeýän bedewler türkmenlerde bar. Halkymyz bu gymmatlygyna uly sarpa goýýar, eý görýär, arzylaýar, çünki ol şeýle hormata juda mynasyp. Ýow gününde, toý gününde eýesiniň ýanyndan aýrylmaýan, ony ýeke goýmaýan, gamgyn çagy göwnüne teselli berip, hem syrdaş bolşy, şadyýan pursadyň begenjine şärik bolup, çarpaýa galşy — onuň asly zandynda, tebigatynda bar. Halkymyz uly toý tutsa, döwletliligiň nyşany hökmünde hemişe at çapyşyklaryny gurar eken. At çapyşygy türkmen toýlarynyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde görlüpdir. Ata-baba asylly dessura ygrarly bolan halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramynyň şowhun-şüweleňini bedew çapyşyklary bilen dowam etdi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň giň meýdanyny köňülden çykýan tebigy guwanç gurşap aldy. Bu täsin hem ýürek joşduryjy tomaşa hiç bir adamy biparh goýmady, muny synlaýan her bir ynsan kalbyny buýsançdan we guwançdan püre-pür doldurdy. Diýarymyzda türkmeniň bedew atynyň mertebesi beýikden tutulýar. At-abraýly seýisleriň neberesinden bolan hormatly Ýurt Baştutanymyzyň behişdi bedewlerimize goýýan sarpasy, ahalteke atlaryna, atçylyk sportuna bolan çäksiz söýgüsi ýöne ýerden däl. Milli Liderimiz atçylygy ösdürmek, türkmeniň aýrylmaz dosty-ýoldaşy hasaplanan bedew atlarymyza berilýän ünsi güýçlendirmek, atlar bilen baglanyşykly türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny täzeden dikeltmek ýaly meselelere aýratyn üns berýär. Toý-baýramlarda, geçirilýän milli däp-dessurly çärelerde bedew atlaryň ýaryşy guralýar. Bular halkyň geljegine, nesilleriň sagdynlygyna, gözelligiň has-da zyýada görünmegine gönükdirilen aladalardyr.

Baýramçylyk at çapyşyklarynda dürli aralyklar boýunça guralan ýedi çapyşygyň her birinde 12 bedew özleriniň ýyndamlygyny, çalasynlygyny görkezdi. Tomaşaçylar behişt asylly bedewlerimiziň gözelligini synladylar. Ajaýyp ahalteke bedewini synlaýarkaň täsin we täsirli duýgulara çümýändigiň hakykat. Tebigatyň kemsiz-köstsüz ýaradan bu gözelligi her köňli özüne kökerdip dur. Bu ýerde sport bilen gözelligiň utgaşygy hakyky sungaty hasyl edýärdi. Başdaky alty çapyşyklaryň ýeňijilerine ABŞ-nyň 15 müň dollary möçberinde, jemleýji, ýedinji çapyşygyň ýeňijisine bolsa hormatly Prezidentimiziň adyndan ABŞ-nyň 30 müň dollary möçberinde pul baýraklarynyň berilmegi, halkymyzyň göz guwanjyna öwrülen bedew atlara goýýan beýik sarpasynyň alamatydyr.

Bu gün şol taryhylygyň has beýgelen beýany — öňe okdurylyp barýan dal bedewler türkmeniň ümzügini öňe tutan beýik ykbalyny ýadymyza salýar. Bu jadyly pursatlar bizi bagtly geljege alyp gidýär. Bir pursatda hem geçmişiň şan-şöhratyny, hem şu günüň beýikligini, hem geljegiň arzuw-maksadyny seriňe dolduryp, joşduryp bilýän ahwalda hasyl bolýar. Şeýle täsirleri türkmeniň bedew atyna bakan mahalyň aýdyň duýup bolýar.

“Wagt ahalteke bedewleriniň şöhratynyň hiç wagt öçmejekdigini, onuň barha belende göterilýändigini şübhesiz subut etdi” diýýän hormatly Prezidentimiz müň mertebe mamla. Çünki, taryhy müňýyllyklara uzaýan we şunça wagtyň dowamynda birjik-de zeper-şikes tapmadyk ýekeje janly taryhy ýadygärlik bar, ol — türkmeniň ahalteke bedewidir. Ykbal türkmene gör, nähili ajaýyplyk bagyş edipdir.

“Nesil” gazeti,

31.10.2017ý.

Meňzeş habarlar