Strategik hyzmatdaşlyk — ygtybarly ösüş

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasynda boldy.

 Täjigistanyň paýtagtynyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hormatly Prezidentini Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzode we beýleki resmi adamlar garşy aldylar. Soňra Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşmak üçin «Kasri Millat» köşgüne geldi.

Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşdylar. Resmi surata düşmek we iki ýurduň resmi wekiliýetleri bilen tanyşmak dabaralaryndan soň ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Soňra bu gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi. Onda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, syýasy, medeni, gumanitar, söwda gatnaşyklary hakynda içgin pikir alşyldy. Şonuň ýaly hem iki döwletiň gatnaşmagynda alnyp barylýan iri göwrümli taslamalar hakynda nygtaldy.

Ilkinji nobatda bolsa Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy hakynda aýdyldy we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksadyna eýerip, iki ýurduň arasynda howa aragatnaşygyny ýola goýmaga hem aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmenistan we Täjigistan häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde bir ugurly pikirlere daýanýarlar we bu babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Täjigistanyň wekilçilikli toparyny şu ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly meselelerde hem iki döwletiň arasynda ýygjam gatnaşyklar saklanýar. Türkmenistan Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu gazna örän möhüm sebit düzümi bolup, onuň işi Aral sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda Türkmenistan Täjigistan tarapynyň hem uly tagalla etjekdigine ynam bildirýär. Şonuň ýaly hem 2018-nji ýylda Aşgabatda Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görülýär.

Geljek ýyl üçin meýilleşdirilýän ýene bir çäre türkmen we täjik önümleriniň özara sergisini guramak we Aşgabatda hem Duşenbede iki ýurduň Söwda öýlerini açmak mümkinçilikleriniň öwrenilmegi bolup durýar. Şonuň ýaly hem 2018-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda ýakynda geçirilen iri sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda toplanan tejribäni paýlaşmak we ösüp gelýän täze nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanyp terbiýelemek maksady bilen Täjigistan tarapy bu ugurdaky hyzmatdaşlyklara gyzyklanma bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlandy we möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bu resminamalarda iki ýurduň ýakyn geljekdäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny utgaşdyrýan meselelere garaldy.

Günüň ikinji ýarymynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hökümet kabulhanasynyň meýdançasynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi hem-de milli tagamlar bilen tanyşdylar. Sergide miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz täjik halkynyň milli Gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy we Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördi. Täjik halkynyň baý taryhynyň gymmatlyklaryny özünde jemleýän muzeý bilen tanyşmak dürli ylmy gözlegler bilen meşgul bolýan döwlet Baştutanymyzda uly gyzyklanma döretdi.

Mundan başga-da Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti raýonynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasy iki dostlukly halky medeni hem taryhy taýdan birleşdirýän gymmatlyklar hakyndaky gyzykly söhbetlere baý boldy. Dabara gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynyň nusgalary gowşuryldy.

“Nesil” gazeti,

04.11.2017ý.

Meňzeş habarlar