ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY

Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirdi.

Bu dabarada çykyş edenler parahatçylygyň bar ýerinde ösüş, abadan, asuda, bagtyýar durmuşyň bardygyny, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýandygyny, parahatçylygy, durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýmagyň aýdyň nusgasyny dünýä ýaýýan eziz Diýarymyzyň bu şanly toýuna ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň zähmetkeşleri öz goşantlaryny goşýandyklaryny uly buýsanç bilen aýdyp geçdiler.

Çäräniň dowamynda Gubadag şäher medeniýet merkeziniň estrada aýdymçylarynyň, Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň aýdymçy, tansçy gyzlarynyň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimizi, Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, şanly ýylymyzy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, ýerine ýetiren ajaýyp sazlary çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Aýdym-sazly dabarada halkymyzyň asuda, parahat, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çary KAKABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT-SAGDYNLYKDYR HEM-DE GÖZELLIK

17 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT – KÄMILLIGE BADALGA