KITAPHANADA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, “Parahatlyk, dost-doganlyk, jebislik – beýik Watanymyzyň baky şygary” ady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler her bir ýyla döwrebap at dakmagyň däbe öwrülendigi, şeýle-de, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artýandygy, üstümizdäki ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanjakdygy, döwletimiziň iri halkara guramalary bilen ýola goýan oňyn gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýazjemal BAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 82 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 86 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 67 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI