Küşt oýny –örän çylşyrymly, strategiýa oýny hasaplanýar. Käbirleri bu oýny “Beýniniň gimnastikasy” diýibem atlandyrýarlar. Çünki rowaýatlarda beýan edilişi ýaly, ynsan paýhasynyň gözelligi, ajaýyplygy küşt göçümlerinde has aýdyň şöhlelenýär. Bu babatda käbir meşhur küştçüleriň pikirlerini size ýetirýäris.
Küşt – bu ýaşaýyş.
Robert Fişer.
Küşt – bu ýönekeý oýundan has ýokary düşünje.
Hose Raul Kapablanka.
Küşte her kim özüçe garaýar. Biri üçin ol sungat, ulgamlaşdyrmagy, logikany, anyk barlag-derňewini halaýanlar üçin ylym bolmagy mümkin, üçünji biri üçin bolsa, ilki bilen göreş, humar, töwekgellikdir. Küşt–bu hakyky dünýä örän çalymdaş bolan ýasama dünýädir.
Mihail Tal.
Gowşak häsiýet, adatça, küşt döwüniň dowamynda ýüze çykýar. Küşt – bu akyl azabydyr.
Garri Kasparow.
Ýatkeşligiňi güýçlendirmek bilen bir hatarda, küşt öz güýjüňe dogry baha bermegi, seljermegi, logiki oýlanmagy öwredýär.
Anatoliý Karpow.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulhan SERHEŇOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.