Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş taglymaty durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Türkmenistan Baş Assambleýanyň bu Kararnamasynyň kabul edilmeginde başlangyçly orny eýelän döwlet hökmünde onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelýän şu gezekki çäräniň ýurdumyzda geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmak üçin meýdança döretmek, DÇBÖBD-iň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy taraplaryň biri hökmünde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, bu döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan tejribäni paýlaşmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek hem-de milli, sebit, dünýä tejribesiniň esasynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin innowasion çözgütler we başlangyçlar, täze pikirler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem BMG-ä agza döwletleriň wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleri, raýat jemgyýetçiliginden we hususy pudakdan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bu forumyň esasy maksatlarydyr.
turkmenistan.gov.tm
04.08.2025