ÖSÜŞLI ÝOLLARY NAZARLAP

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda geçirilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG–niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda wagyz etmek maksady bilen söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.

Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG–niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň hem–de ugurdaş çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi üçin ýokary derejede taýýarlyk işleriň alnyp barylandygyny, döwletleriň arasynda işjeň gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulandygy barada nygtap geçdiler.

Şeýle–de 7–ugur boýunça geçirilen forumlaryň üçünji maslahaty Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde geçirilmeginiň özi her bir türkmen halky üçin guwandyryjy, buýsandyryjy wakalara baý bolandygy barada belläp, çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň halkara giňişligindäki tutýan ornuny has–da ýokarlandyrmakda, beýik işleriň gerimini dünýä derejesinde arşa götermekde edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözleri aýtdylar.

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Öňki makala

SAGLYGA SYGNYP ÝAŞA

Indiki makala

ŞATLYKLY PURSATLAR

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 34 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ DAÝANJY

17 Oktýabr 2025 | 45 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI