UMUMADAMZAT ABADANÇYLYGYNA GÖNÜKDIRILEN YNSANPERWER SYÝASAT

 Parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşdir özgerişleriň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň tamamlanyp barýan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň her bir güni taryha altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalara baýdyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda bu ýyl Türkmenistan döwletimiz abadançylygyň, bagtyýarlygyň, rysgal-berekediň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen beýik geljegine tarap ynamly gadam urdy. 2017-nji ýylyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri hem milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda demokratik, aç-açanlyk hem-de aýanlyk ýörelgelerine laýyklykda, ýokary guramaçylykly ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynda saýlawçylaryň sesleriniň agramly bölegini gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ahal welaýatynda geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda bolsa hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen örän möhüm resminamany — «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» kabul etdi.

Tamamlanyp barýan ýylda ykdysadyýet, senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda, ýangyç-energetika, oba hojalygy toplumlarynda uly üstünlikler gazanyldy, medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Komissiýasynyň mejlisinde Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna 2017 — 2020-nji ýyllar, Ilat hem-de ösüş boýunça Komissiýasyna 2016 — 2020-nji ýyllar şeýle hem Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna 2017 — 2021-nji ýyllar üçin saýlanmagy hem mähriban Arkadagymyzyň durmuş maksatly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyňlygy bilen tassyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary netijesinde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýy yzygiderli pugtalanýar, parahatçylyga hem-de dostluga ygrarly döwlet, halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde derejesi has-da ýokarlanýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary derejede, aýratyn guramaçylyk ýagdaýynda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem Türkmenistan döwletimizi halkara derejesindäki iri sport ýaryşlaryny guramaga ukyply sport ýurdy hökmünde bütin dünýä tanatdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaklyga, deňhukuklylyga, dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny pugta dowam etdirmek, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna ählumumy tagallalary jebisleşdirmek Gahryman Arkadagymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýy, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti, parahatçylygy, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi mähriban halkymyzda, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginde uly ruhubelentlik, çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi. Bu Rezolýusiýa dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny alamatlandyrýan taryhy wakadyr. Bu Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň başlangyjynda hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli halkara maslahatynda öňe süren çuňňur mazmunly taryhy teklibi durýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň, Belent Mertebeli Prezidentimiziň dünýädäki abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Geçip barýan ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. «Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda» Jarnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýa kabul edildi. «Küştdepdi» milli sungatymyz ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Täze ýyl baýramynyň öňýanynda, has takygy 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda bolsa, milli Liderimiziň döwletleriň we sebitleriň okgunly goşulyşmagyna, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriniň, tehniki we tehnologiki kuwwatynyň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň teklibi we goldawy bilen 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda şäherinde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş Komissiýasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara topary (TRASEKA) bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygynyň we yzygiderli ösüşiň üpjün edilmegine bagyşlanan «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Bu halkara maslahatynyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edilip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýa kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösen ulgamyny döretmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, muňa kabul edilen hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän uzakmöhletleýin milli maksatnamalar hem şaýatlyk edýär. Olar ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, degişli düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty we beýik başlangyçlary netijesinde Gündogar bilen Günbataryň kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen eziz Diýarymyzyň baý taryhy hem-de milli medeniýetimiz, «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ulag geçelgelerini — awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ýollaryny gurmak arkaly köpşahaly, köpugurly, häzirki zaman Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekdäki aýgytly ädimleri dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär hem-de giňden goldaw tapýar. Şunuň bilen baglylykda Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi türkmen döwletiniň parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalaryny bütin dünýä äşgär edýän taryhy waka öwrüldi.

Goý, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýyl hem ajaýyp üstünlikleriň, rysgal-döwletiň, rowaçlygyň we asudalygyň ýyly bolsun!

Gurbanmämet ELÝASOW,

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi.

“Nesil” gazeti,

30.12.2017ý.

Meňzeş habarlar