Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähir, söýgi bilen gurşalýan ýaş nesiller oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler.
Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýörite düzülen meýilnama esasynda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesliň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, dynç alýan çagalaryň arasynda «Syrly sowallar – zehiniň açary» atly zehin bäsleşigini geçirdi. Bäsleşik örän gyzykly geçip ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda «Bagtyýar nesil» sagaldyş dynç alyş merkezindäki çagalar bagtyýar nesillerimiziň döwrebap mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp oňat dynç almaklary üçin iň gowy şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Sülgün PIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.