DÖREDIJILIK ÝÜREKLERIŇ OWAZY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünliklere we rowaçlyklara beslenip dowam edýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak wakalara ulaşýar. Ynha ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bagtyýar çagajyklaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berildi. Bu merkezde çagalaryň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmek üçin ähli amatly şertler döredilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady halkara ülňilerine gabat gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň nurana gelejeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller hakynda edýän aladalarynyň aýdyň güwäsi bolan bu dynç alyş merkeziniň sapaly goýnunda bagtyýar nesilleriň sesleri belentden ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Bäsleşikde 1-nji orna Akdepe etrabynyň 62-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bagtygül Orazowa, 2-nji orna Daşoguz şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Aýbölek Gurbanbaýewa, 3-nji orna bolsa Şabat etrabynyň 49-njy orta mekdebiniň okuwçysy Tumar Saparowa mynasyp boldylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Şamyrat NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Awgust 2025 | 10 okalan

SYRLY SOWALLAR – ZEHINIŇ AÇARY

11 Awgust 2025 | 6 okalan

DÖREDIJILIK ÝÜREKLERIŇ OWAZY

11 Awgust 2025 | 5 okalan

MILLI OÝNUM BUÝSANJYM