MILLI OÝNUM BUÝSANJYM

Türkmen halkymyz bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda çaga terbiýesindäki millilik ýol-ýörelgelerini kämilleşdirip, halkymyz nesil terbiýesinde çagalaryň milli oýunlaryna uly ähmiýet berip gelipdir. Ir döwürlerden bäri halkymyz çagalary kiçilikden durmuşa uýgunlaşdyrmak, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn sazlaşykly ösüp kemala gelmeklerini gazanmak maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýeti hem uly bolan çaga oýunlaryna uly orun berip gelipdir. Çünki çaga oýunlary çagalar üçin diňe bir güýmenje bolmak bilen çäklenmän, eýsem ösüp gelýän ýaş nesli durmuşa taýýarlaýan mekdep bolup hyzmat edipdir. Oýunlar düzgün bolşy ýaly gyzykly, göçgünli we özüne çekiji bolup, halk terbiýesi hem, şol ýörelgelere esaslanypdyr. Çagalara oýunlar arkaly sowat-bilim, ýetginjeklere we gyzlara däp-dessurlar arkaly durmuşda zerur bolan endikler öwredilipdir.

Ýaş nesliň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi 1-nji çagalar bakja bagynda mekdebe çenli taýýarlaýyş toparlarynda terbiýelenýän çagalaryň gatnaşmaklarynda «Milli oýnum buýsanjym» atly bäsleşik geçirdi.

Elbetde bäsleşik diýseň ýatda galyjylygy bilen tapawutlanyp, ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda ýurdumyzy arzyly islegleriň hasyl bolýan, bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüp, ýaş nesiller barada taýsyz tagallalary edip, bimöçber işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Gülşat GYLYJOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

11 Awgust 2025 | 11 okalan

SYRLY SOWALLAR – ZEHINIŇ AÇARY

11 Awgust 2025 | 6 okalan

DÖREDIJILIK ÝÜREKLERIŇ OWAZY

11 Awgust 2025 | 6 okalan

MILLI OÝNUM BUÝSANJYM