Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi bilen Görogly etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda, etrap medeniýet öýünde Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli, «Biziň iliň şahyrydyr bu şahyr» atly edebi agşam geçirildi. Halypa şahyryň ömür-döredijilik ýoly barada söhbetdeşlik geçirmek maksady bilen guralan edebi agşama Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň hem-de etrabyň merkezi kitaphanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlarda halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň baý döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, şahyryň Watan, ýaşlyk, söýgi temalaryna degişli goşgulary okaldy.
Begenç GARAMURADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.