WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Türkmenistan dost-doganlygyň we parahatçylygyň mekany» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Ýaş nesliň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli geçirilen wagyz-nesihat çäresine TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň jogapkär işgärleri, «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçileri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda çagalaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ilhalar nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar barada durlup geçildi, ýaşlary bezeýän oňat gylyk-häsiýetler, watansöýüjilik, milli edep-terbiýe kadalary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak hakynda aýdyldy. Şonuň bilen baglylykda gymmatly öwüt-ündewleriň berilmegi çagalarda uly täsirleri döretdi.

Bagtdan paýly şadyýan çagalar özleri üçin bimöçber aladalary, okamana, öwrenmäne, oňat dynç almana döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Güljemile AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar