19-NJY AWGUST — HALKARA YNSANPERWER KÖMEGINI BERMEK GÜNI

2008-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä ynsanperwer kömegini bermek gününi bellemek boýunça Rezolýusiýany kabul etmegi bilen, her ýylyň 19-njy awgusty Bütindünýä ynsanperwer kömegini bermek güni diýlip bellenilip geçilýär. Bu halkara gününiň yglan edilmeginiň esasy maksady kömege mätäç bolanlara ýardam etmek we jany howp astyndaky adamlara goldaw bermek üçin janyny gaýgyrman işleýänlere hormat goýmakdyr.

Şu ýyl “Bütindünýa raýdaşlygy berkitmek we jemgyýetiň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” mowzugyna bagyşlanýar.

Gadymdan bäri türkmen halky nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen häsiýetlendirilipdir. Häzirki döwürde hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri ynsanperwerlik gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmegi bolup durýar.

Türkmenistan sebit we dünýä ýüzünde ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga möhüm goşant goşýar. Bu ugur özara düşünişmek esasynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm guralydyr.

Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar