«ÝAŞ DILMAÇLAR WE HALYPALAR» ATLY GURNAK ÝAŞ ZEHINLERI BIRLEŞDIRÝÄR

Her hepdäniň penşenbe güni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş dilmaçlar we halypalar” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşyklary her hepdäniň penşenbe günleri geçirilýär.

Bu duşuşyklaryň maksady ýaşlar daşary ýurt dillerinde gürleşmegini kämilleşdirmek, terjimeçilik sungatynyň inçe syrlaryny öwretmek, şeýle hem ýaşlar bilen tejribeli halypa dilmaçlaryň arasyndaky gatnaşygy ösdürmekden ybaratdyr.

Duşuşyklarda ýaşlaryň arasynda bilim alyşmak, täze usullar bilen tanyşmak, dürli görnüşli terjime işleri boýunça tejribe toplamak hem-de halypalaryň öwüt-ündewlerini diňlemek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem halkara gatnaşyklary, dünýä ýurtlarynyň medeniýeti we dil aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler guralýar. “Ýaş dilmaçlar we halypalar” atly gurnak ýaşlaryň öz ukyplaryny açmaklaryna, hünär taýdan öňe gidişlik gazanmaga hem-de döredijilikli işlemäge ýardam edýär.

Gurnaga gatnaşýan ýaşlar terjimeçilik işi bilen bagly gymmatly tejribe toplamak bilen, dürli ýurtlaryň taryhy, medeniýeti, edebiýaty barada-da gyzykly maglumatlary öwrenýärler. Bu bolsa olaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge, täze dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle duşuşyklarda ýaşlaryň özleriniň taýýarlan çykyşlary, edebi eserlerden terjime edilen parçalary okamaklary hem-de dürli ýurtlaryň dillerinde erkin çykyş etmekleri her duşuşyklarda däbe öwrüldi. Halypa dilmaçlaryň tejribesi ýaşlara nusga bolup hyzmat edýär. Olaryň gyzykly gürrüňleri, terjimeçilik sungatynyň inçe aýratynlyklary boýunça beren maslahatlary ýaşlaryň geljekde bu ugurda üstünlik gazanmaklaryna ýol açýar.

“Ýaş dilmaçlar we halypalar” atly gurnagy ýaşlaryň öňünde täze mümkinçilikleri açyp, olaryň jemgyýetde işjeň, öňdebaryjy, dil biliminden sowatly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine öz täsirini ýetirýär. Gurnagyň her bir gatnaşyjysy döwrüň talaplaryna laýyklykda döredijilikli pikirlenmegi, öz düşünjesini açyk beýan etmegi, täze maglumatlary çalt özleşdirmegi başarýar. Geçirilýän bu duşuşyklar ýaşlaryň şahsy we hünär taýdan kämilleşmegi bilen, geljekde halkara forumlarynda, dürli derejedäki maslahatlarda çykyş etjek ýaşlaryň taýýarlyk meýdançasy bolup durýar.

Türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, öz saýlap alan hünäri boýunça halal zähmet çekmäge şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys.

Mähri ORAZMÄMMEDOWA,

“Arkadagly Ýaşlar”.

Meňzeş habarlar

24 Iýul 2025 | 62 okalan

ÝAŞ DILMAÇLAR ÖSÜŞ ÝOLUNDA

11 Iýul 2025 | 357 okalan

KÄMILLIGE TARAP ÄDIMLER