«ÝAŞ TELEKEÇILER WE SANLY MÜMKINÇILIKLER» ATLY GURNAGYŇ ÄHMIÝETI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerde ýaş nesle aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşlary ähli ulgamlarda täzeçil başlangyçlary bilen çykyş edýärler, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Döwrüň täze talaplaryna laýyklykda ýaşlary giň mümkinçilikler bilen üpjün etmek, olarda döredijilikli pikiri, döwrebap dünýägaraýşy ösdürmek ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şol ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň biri hem ýaşlaryň telekeçilik başarnyklaryny ösdürmek, olaryň ykdysady taýdan işjeňligini ýokarlandyrmak we sanly ulgamdan ýerlikli peýdalanmaga ugrukdyrmak bolup durýar. Hut şu maksatlara laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi tarapyndan döredilen «Ýaş telekeçiler we sanly mümkinçilikler» atly gurnagy hem uly ähmiýete eýedir. Bu gurnak ýaşlaryň öz ukyplaryny açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Gurnakda ýaş telekeçiler bilen duşuşyklar, amaly okuwlar, tejribe alyşmak boýunça maslahatlaşmalar guralýar. Şeýle çäreler ýaşlaryň diňe bir bilimini baýlaşdyrman, eýsem, olaryň täze iş başlangyçlaryna gyzyklanmalaryny hem artdyrýar.

«Ýaş telekeçiler we sanly mümkinçilikler» atly gurnak ýaşlaryň ykdysady dünýägaraýşyny giňeltmek bilen birlikde, olary döwrebap sanly tehnologiýalardan, elektron hyzmatlardan peýdalanyp işini ýeňilleşdirmäge, internet marketing ýaly ugurlarda täzelikleri özleşdirmäge ugrukdyrýar. Şeýle mümkinçilikler ýaşlara diňe bir milli bazarda däl, eýsem halkara derejesinde hem üstünlik gazanmaga ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar. Sanly bank hyzmatlary, elektron söwda, internet marketing, IT-innowasiýalar ýaly ugurlarda ýaşlaryň orny has-da artýar. Gurnagyň esasy aýratynlygynyň biri hem ýaşlary hut şu ugurlara çekmek, olaryň döwrebap iş usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik bermekdir. Gurnak arkaly ýaşlar diňe bir işewürlik işine gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, täze pikirlerini öňe sürmäge, özbaşdak işewür taslamalaryny döretmäge, «startap» görnüşli başlangyçlary amala aşyrmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle işler bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşmaça itergi berýär.

Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, işewürlik tejribesini artdyrmagy, ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent maksatly, beýik tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Rahymberdi KERIMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik

hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň Telekeçilik we meýletinçilik işleri

boýunça hünärmeni.