TÜRKMEN MAŞGALASY - AGZYBIRLIGIŇ OJAGY, TERBIÝÄNIŇ ÖÝI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap bölümi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda maşgala gymmatlygyny wagyz etmek maksady bilen mugallymlaryň arasynda «Türkmen maşgalasy - agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi» ady bilen wagyz–nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda maşgala gymmatlygyna goýulýan sarpa, maşgala durmuşyna taýýar bolmak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak barada täsirli çykyşlar edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Oktýabr 2025 | 36 okalan

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

13 Oktýabr 2025 | 55 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Oktýabr 2025 | 91 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI