1-NJI SENTÝABR — BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

Berkarar döwletimiziň ösüş ýolunda bilim ulgamy örän möhüm orun tutýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bilim-tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim bermek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Bilim — ösüşiň, ösüş bolsa bagtyýarlygyň çeşmesidir. Türkmenistanyň bilim strategiýasy ýaş nesli çuňňur bilimli, ýokary derejeli hünärmenler hökmünde ýetişdirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda döwrebap maglumat serişdeleri, sanly okuw platformalary ornaşdyrylýar. Şeýle şertler ýaşlara diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyk derejede ösüşe ýetmek üçin giň mümkinçilik döredýär.

Bilim ulgamynyň üstünlikleri diňe bir ýurduň ösüşinde däl, eýsem onuň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda hem uly ähmiýete eýedir. Bilimli, başarnykly we döwrebap pikirlenýän ýaş nesil — her bir döwlet üçin iň gymmatly baýlykdyr.

Şeýlelikde, 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni diňe bir täze okuw ýylynyň başlanmagy däl, eýsem täze maksatlaryň, beýik arzuwlaryň, ýokary sepgitleriň ýoly bilen täze döwrüň gapysynyň açylmagydyr.

Mähri SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.

Meňzeş habarlar

29 Awgust 2025 | 124 okalan

MEDENI MIRAS — EBEDI BAÝLYK

29 Awgust 2025 | 132 okalan

ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN