TÄZE SENAGAT TOPLUMY — DÖWREBAPLYGYŇ ALAMATY

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý nebitgaz serişdelerini netijeli peýdalanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki günde dünýä bazarlarynda tebigy gaza we ondan alynýan önümlere bolan isleg barha artýar. Bu onuň aýratynlyklary bilen berk baglanyşyklydyr.

Tebigy ýanyjy gazlar ýangyçlaryň beýleki görnüşlerinden artykmaçlygy bilen tapawutlanýar. Gazy çykarmak nebiti çykarmakdan birnäçe esse arzan düşýär. Gaz ýylylyk berijilik ukyby boýunça ýangyçlaryň arasynda iň ýokarky görkezijilerde durýar. Gaz ýananda hiç hili galyndy galmaýar, onuň ýylylyk gerimi 100 göterime barabardyr. Gaz ekologiýa nukdaýnazardan iň arassa ýangyç bolup, himiýa senagaty üçin möhüm çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, bu ugurda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli durmuş-ykdysady maksatnamalar we halkara taslamalar amala aşyrylýar. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Çünki tebigy gazy eksport edenden, ondan dürli önümleri öndürip eksport edeniň ykdysady taýdan amatly düşýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işlemek birnäçe ugurlar boýunça alnyp barylýar. Birinji ugur tebigy gazyň düzümindäki propan, etan we beýleki maddalary gaýtadan işlemek arkaly polietilen we polipropilen öndürmek bilen baglydyr. Ikinji ugur bolsa, gazyň düzümindäki metany gaýtadan işläp, benzin we dizel ýangyjyny öndürmekden ybaratdyr. Bulardan başga-da, tebigy gazdan awtoulaglar üçin zerur bolan çalgy ýaglary, nebiti we gazy arassalaýjy serişdeler, dokma senagatynda ulanylýan sintetiki süýümler hem alynýar.

Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod bu ugurdan dünýäde ýeketäk kärhana bolup, onda öndürilýän «ECO-93» kysymly sintetiki ýangyç ýokary ekologiki talaplara laýyk gelýär. Onda howany zaýalaýan kükürt goşundylary, düzüminde azot saklaýan organiki birleşmeler saklanmaýar.

Zawodda ilki tebigy gaz ýokary gyzgynlykda ýörite peçlerde gidrogenizasiýa (wodorodlaşdyrma) sezewar edilýär. Soňra indiki basgançakda ýokary hilli katalizatorlar ulanylyp, kükürt we düzüminde kükürt saklaýan birleşmelerden arassalanýar. Indiki bölümde arassalanan tebigy gaz zerur derejä çenli bug bilen garyşýar. Ýörite katalizatoryň gatnaşmagynda bug riformingi netijesinde ýokary uglewodorodlar dargap, tebigy gaz sintez gaza (ugar gazy bilen wodorodyň garyndysyna) öwrülýär. Degişli derejä çenli gyzdyrylandan soň, sintez gazy awtotermiki riforming reaktoryna gönükdirilýär we kislorod bilen ýanýar. Şonda sintez metanoly emele gelýär. Alnan metanol benzin sintezlenýän bölüme berilýär. Ne­ti­je­de gym­mat­ly önüm — eko­lo­gi­ýa taý­dan arassa benzin alynýar.

Biziň ýokary okuw jaýymyzda himiýa hünärinde okaýan talyplar bilen guralýan önümçilik tejribeliginde bu özboluşly ýokary tehnologiýanyň aýratynlyklary, her basgançakda amala aşyrylýan amallar giňişleýin öwrenilýär.

Ýurdumyzda şeýle önümçilikleriň döredilmegi ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga giň mümkinçilik döredýär. Diýarymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda amala aşyrýan beýik işleri üçin milli Liderimize alkyş sözlerimiz çäksizdir.

Mamajan ŞÜKÜROWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

04.07.2019ý.

Meňzeş habarlar