BUÝSANJYMYZA BUÝSANÇ GOŞÝAR

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüş depgini, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri dünýä nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeleri ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny hem ösüşiň täze belentliklerine çykarýar.

Bilim ulgamynyň gysga döwürde ýeten derejesi haýran galdyrýar. Ýurdumyzda okuw möwsüminiň başlanmagyna ýokary derejede taýýarlyk görülýän döwri bilim işgärleriniň, mugallymlaryň işini kämilleşdirmek üçin dürli maslahatlar, okuwlar we duşuşyklar geçirilýär. Okuwçylar we olaryň ene-atalary üçin ýurdumyzda we dünýäde öndürilen ýokary hilli mekdep harytlaryny elýeterli etmek üçin mekdep bazarlary işleýär.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem çagalar üçin ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürledi. Bu çäräniň çäginde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklary üçin ähli şertler döredildi. Ýaşlaryň gatnaşmagynda gyzykly ýaryşlar, bäsleşikler we duşuşyklar geçirildi.

Serginiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça geçirilen bäsleşik örän täsirli we ýatda galyjy boldy. Bäsleşikde ýurdumyzyň zehinli okuwçylarynyň mental arifmetikanyň 3 görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýandygy hakynda ýakymly habar her birimizi begendirdi. Bu bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyna uly üns bermegi ýaş nesil üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýaşlaryň bu mümkinçiliklerden peýdalanyp uly üstünlikleri gazanýandyklarynyň şaýady bolmak, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýändiklerini görmek buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Rejepmämmet GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň

sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 37 okalan

BUÝSANJYMYZA BUÝSANÇ GOŞÝAR

01 Sentýabr 2025 | 19 okalan

OŇYN ÖZGERTMELER ROWAÇLANÝAR

01 Sentýabr 2025 | 18 okalan

KALPLARDA WATAN MUKADDES