DÖWREBAP ŞÄHERÇELER — ROWAÇLYGYŇ NYŞANY

Ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň binýadynyň örän berkden tutulandygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan rowaçly işleriň ählisi halkymyzyň ajaýyp şu gününe we bagtyýar geljegine gönükdirilýär. Munuň özi biziň döwletimizde milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň dabaralanmasydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni, her pursady il-ýurt bähbitli şanly wakalardan doly. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak şeýle buýsançly wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge we Wekilbazar etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleriň düýbüniň tutulmagydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, taryhda köp sanly şöhratly wakalaryň şaýady bolan türkmen topragy täze eýýamda has-da belent ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Diýarymyz ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär, şäherlerimiziň, obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär. Bu özgertmeleriň ählisi, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda uly işler amal edilýär. Muny ýurdumyzda düýbi tutulýan täze şäherçeleriň mysalynda hem görmek bolýar. Döwrebap şäherçeleriň gurluşygy degişli resminamalara laýyklykda, 3 ýylyň dowamynda tapgyrma-tapgyr alnyp barylar. Dünýä ülňülerine laýyk şäherçeleriň guruljak ýerleri ählitaraplaýyn içgin öwrenilip, ekologiýa taýdan durnukly ýerler seçilip alyndy.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde guruljak täze şäherçe üçin 100 gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde köp sanly dürli maksatly binalary gurmak göz öňüne tutulýar. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan üç we dört otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlary we 660 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy bar.

Sakarçäge etrabynyň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak üçin 150 gektar ýer saýlanyp alyndy we bu ýerde 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, şeýle hem 284 sany 1 gatly 3 otagly we 500 sany 1 gatly 4 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Türkmengala etrabynyň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçe 110 gektar meýdandan ybarat bolup, bu ýerde 1 gatly 3 otagly jaýlaryň 307-si, 1 gatly 4 otagly jaýlaryň 263-si, 660 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, geňeşligiň edara ediş binasy, azyk harytlary dükany we gök bazary bina ediler.

Täze şäherçeleriň düzümleýin desgalarynyň ählisine daşky we içerki suw geçiriji ulgamlar, lagym, elektrik we gaz geçiriji hem-de kommunikasiýa ulgamlary çekiler. Guruljak taslamalaryň arasynda saglyk merkezi, ýangyn howpsuzlyk bölümi hem bar. Şäherçelere barýan we şäherçäniň içerki ýollary gurlanda döwrüň talabyna görä ýokary hil derejesi üpjün ediler. Bularyň ählisi bolsa halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tagallalaryň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan hem-de bagtyýar zamanamyzyň buýsanjyna öwrülýän bu taryhy wakalaryň her biri halkymyzyň kalbynda guwanç duýgusyny döredýär. Amala aşyrylýan beýikden-beýik işler, gurulýan her bir desgalar halkymyzyň, döwletimiziň bähbidi bilen aýrylmaz bagly bolup, raýatlarymyzyň, aýratyn hem, biz — ýaşlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň düýpli gowulanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňümizde goýýan belent wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Maksat JANMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

27.07.2019ý.

 

Meňzeş habarlar