ÝOLLAR ASUDA — ILLER ABADAN

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi etrap bilim, polisiýa bölümleri, şeýle hem etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen geçirilýän biraýlygyň çäklerinde, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýaşlara düşündirmek maksady bilen, etrabyň 5-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda, «Ýollar asuda — iller abadan» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wekili çykyş edip, ýörite şertli belgiler bilen bellenilen meýdançada okuwçylara ýoldan geçmegiň düzgünleri barada täsirli gürrüň berdi. Köçe-ýol hereketiniň kadalary, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary barada berlen gürrüňler ýaş nesilde aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Çykyşda nygtalyşy ýaly, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk raýatlaryň janyna we saglygyna howp salyp biljek ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň saglygyny goramakda bimöçber işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2025 | 15 okalan

SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

17 Sentýabr 2025 | 19 okalan

ÝOLLAR ASUDA — ILLER ABADAN

17 Sentýabr 2025 | 44 okalan

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER