OZON GATLAGYNY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRE

Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 1987-nji ýylda Monreal teswirnamasyna gol çekilen sene hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1994-nji ýylda kabul eden çözgüdine laýyklykda her ýylyň 16-njy sentýabrynda bellenilýän Ozon gatlagyny goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanylan çäre geçirildi.

Ozon gatlagyny goramagyň çäklerinde bu resminama ozony weýran ediji maddalaryň 99 göterimini dolanyşykdan çykarmaga ýardam etdi. Bu işlerde häzirki zaman ýörelgelerinden ugur alnyp onuň üsti birnäçe gezek ýetirildi, takyklanyldy, gözegçilige degişli maddalaryň sanawy giňeldildi.

Sentýabryň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon edarasy 16-njy sentýabra bagyşlanylan çäreleri geçirýär. Şeýle çäreleriň biri ýakynda Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin geçirildi. Ol ozon gatlagynyň ähmiýeti, onuň bozulmagyndan dörejek howplar hem-de howany goramagyň ählumumy çäreleri barada boldy. Ozon edarasynyň hünärmeni Anžela Gaziýewa bu baradaky pikirleri teklip etdi.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyna goşýan goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, talyplar Hazar deňziniň gurşawyny goramak hakynda Tähran Konwensiýasynyň we onuň teswirnamalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça ýurduň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar, şol resminamalar nebitiň dökülmeginiň öňüni almaga, howanyň hapalanmagyny azaltmaga, bioköpdürlüligi goramaga hem-de ekologiýa barlaglaryny geçirmäge gönükdirilendir.

Çäräniň çäklerinde talyplar «howa gapyrjagy» konwensiýasy barada düşünje aldylar – ol mugallymlar, mekdep okuwçylary we talyplar üçin okuw gollanmasydyr. Olar barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ekologiýa edarasynyň «Durnukly şäherler» taslamasynyň bilermeni Jemal Durdykowa habar berdi. Ýaşlara niýetlenilen bu okuw gollanmasyna howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, durnukly ösüş, ekologiýa jogapkärçiliginiň dowamatlylygy, halkara guramalar we hökümetler bilen birlikde her bir adamyň hem umumy işe goşýan goşandynyň ähmiýeti ýaly ugurlar girizildi.

Durnukly ösüş we howanyň üýtgemegi baradaky meseleler geljekki maslahatlaşmalaryň esasy bölegine öwrüldi. Bu bolsa ýaşlaryň bilim alyşmaga, tebigaty goramak we Ýer ýüzüniň geljegi baradaky maglumatlary ýaýratmaga goşulmaklaryny işjeňleşdirdi.

 

turkmenistan.gov.tm

17.09.2025

Meňzeş habarlar