Berkarar döwletiň bagtyýar halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň hem-de rowaçlygyň täze eýýamyny başdan geçirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, durmuş-ykdysady ösüşler ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyndan nyşandyr.
Türkmenistanyň ykdysadyýeti ýylsaýyn ýokary ösüş depginleri bilen öňe barýar. Ulag-aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, täze demir ýollary, awtomobil köprüleri we halkara ähmiýetli ýol-ulag ulgamynyň giňeldilmegi ýurdumyzy sebitde möhüm logistika merkezine öwürýär. Neşir önümleri, dokma senagaty, gurluşyk serişdeleri we oba hojalygy önümleri daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde täze ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly desgalar, mekdepler, çagalar baglary gurlup, ulanylmaga berlip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar.
Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde halkara giňişlikde parahatçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerini berk berjaý edýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň esasynda halkymyz geljege ynamly gadam basýar. Ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde we sportda gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýär. Garaşsyzlygyň berkarar eden döwlet gurluşy, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin döredilýän giň mümkinçilikler we halkara derejesindäki üstünlikler ýurdumyzyň şöhratly geljeginiň ygtybarly kepilidir. Türkmen halky öz mähriban Watanynyň beýik geljegine bolan ynamy bilen öňe tarap — rowaçlygyň, abadançylygyň hem-de bagtyýarlygyň ýolunda üstünlikli öňe barýar.
Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy.