«KÖŇÜLLERI BIRLEŞDIRÝÄN SUNGAT» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly
30 ýyllygy hem-de 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde
ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly
döredijilik bäsleşigiň

DÜZGÜNNAMASY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere ýetýär. Ýaşlaryň ukyplaryny açmak, döredijilik zehinlerini ösdürmek, dünýä dillerini öwrenmek, edebiýat we sungat bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözleri ýokary kämillige ruhlandyrýar. Şeýle mümkinçilikleriň biri hökmünde geçirilýän bu bäsleşigiň maksady ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, dünýä halklaryny edebi terjimeler arkaly ýakynlaşdyrmak we zehinli ýaş terjimeçileri ýüze çykarmakdyr.

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

  • Ýaş terjimeçiler dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poemalaryndan ýa-da goşgularyndan bir parçany (iň az 5 sahypa) türkmen diline terjime edip, 2025-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
  • Terjime edilýän eserleriň mazmuny türkmen halkynyň döwrebap milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelmelidir.
  • Öň terjime edilip metbugatda ýa-da kitap görnüşinde neşir edilen eserler kabul edilmeýär.
  • Işler «Köňülleri birleşdirýän sungat» diýen ýazgy bilen, şeýle hem gatnaşýan şahsyýetiň maglumatlary (maglumatnama, pasport nusgasy, 3x4 fotosurat, ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) bilen bilelikde «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm hem-de kbsungat2025@gmail.com elektron salgylaryna iberilmelidir.
  • Eminler topary iň gowy işleriň saýlap-seçerler. Tapawutly terjimeler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.
  • Bäsleşigiň netijeleri 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
  • Bäsleşige 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler.

 

Habarlaşmak üçin:

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy: 39-96-16, 39-96-19

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşi: 44-89-99.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2025 | 119 okalan

ABU ALY IBN SINA