«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
I. Umumy düzgünler
1. Şu Düzgünnama «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň (mundan beýläk – «Döredijilik bäsleşigi») maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär.
2. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.
II. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri we geçiş tertibi
1. Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synplarynda okaýan okuwçylar gatnaşýarlar. Olaryň Watan ezizligi, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, hormatly Prezidentimize we Türkmenistan döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we maketleri degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), Aşgabat we Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrlarynyň guramaçylyk toparyna hödürlenilýär.
2. Döredijilik bäsleşiginiň her tapgyrynda, eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşdyrylýar.
3. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri baradaky şu maglumatlar, her tapgyrdan soň nobatdaky tapgyryň guramaçylyk toparyna 5 günden gijä galman iberilmelidir:
- eminler toparynyň saýlanan döredijilik işleri barada çykaran çözgüdi we her bir işe berlen syn;
- bäsleşige gatnaşyjynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň göçürmesi;
- gatnaşyjy barada umumybilim berýän mekdebiň müdiri tarapyndan tassyklanan güwänama;
- gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň salgysy we telefon belgisi;
- 3x4 ölçegdäki 2 sany fotosurat.
4. Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürlän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşi, parahatsöýüjilik ýörelgeler, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary (maket görnüşi), «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi wasp edilmelidir.
5. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazylan düzmäniň möçberi, uly bolmadyk göwrümde (3 sahypadan köp bolmadyk) bolmalydyr.
6. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän surat eserleriniň ölçegi 50x70 sm (boýy 50 sm, ini 70 sm) ululykdaky kagyza ýerleşdirilip, olaryň daşy ramkalanan görnüşinde bolmaly we suratlar çekilende, guaş reňkleri ulanylyp, olar plakat görnüşinde berilmeli. Maketleriň ölçegi 50x70 sm (boýy 50 sm, ini 70 sm) ululykda bolmaly.
7. Döredijilik bäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrynda seçilip alnan we jemleýji döwlet tapgyryna hödürlenýän işler Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäher bilim müdirligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Aşgabat şäher we welaýat bölümleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.
8. Döredijilik bäsleşigi şu aşakdaky tertipde geçirilýär:
- birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 3-14-nji oktýabry aralygynda umumybilim berýän mekdeplerde geçirilýär, bu tapgyrda yglan edilen ugurlaryň her biri boýunça tapawutly işleriň 2 sanysy saýlanylyp alynýar we bäsleşigiň indiki tapgyryna hödürlenilýär;
- ikinji tapgyr 2025-nji ýylyň 18-21-nji oktýabry aralygynda etraplarda, şäherlerde geçirilýär, bu tapgyrda yglan edilen ugurlaryň her biri boýunça tapawutly işleriň 3 sanysy saýlanylyp alynýar we bäsleşigiň indiki tapgyryna hödürlenilýär (bu tapgyrda ýeňiji bolan işleri taýýarlan, işeňňir gatnaşan okuwçylar döredijilik bäsleşigini guraýjylaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanylýar);
- üçünji tapgyr 2025-nji ýylyň 3-11-nji noýabry aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär, bu tapgyra bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda yglan edilen ugurlar boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar (bu tapgyrda ýeňiji bolan işleri taýýarlan, şeýle-de işeňňir gatnaşan okuwçylar, döredijilik bäsleşigini guraýjylaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanylýar), bu tapgyrda ýeňiji bolan işler, 2025-nji ýylyň 20-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölümine iberilmelidir;
- döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçirilýär we bu tapgyra bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrynda ugurlar boýunça 1-nji we 2-nji orunlary eýelän işleri gatnaşdyrylýar.
9. Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň wekillerinden, ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary dörediler.
Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda, ýokarda görkezilen 3 sany ugruň her biri boýunça 3 sany döredijilik işi saýlanyp alnar we degişlilikde her ugur boýunça 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan döredijilik işleri kesgitlener. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
10. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň Diplomlary we sowgatlary, işjeň gatnaşan mekdep okuwçylaryna Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işleri «Güneş» žurnalynda çap ediler.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.