SPORT SAGLYK – SAGDYNLYK

Ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 7-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda 7-nji sport mekdebine gatnaýan ýaş ýetginjekleriň gatnaşmagynda ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, ýaşlaryň arasynda zehinli türgenleri saýlap-seçip alyp ýygyndy toparlary düzmek, sportuň üsti bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, şeýle-de ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, sportuň woleýbol ugry boýunça ýaryş geçirildi.

Geçirilen sport ýaryşy çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Şeýlelikde ýeňijiler yglan edilip ýaş ýetginjeklere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy hem-de ýetginjeklere gelejekde sport äleminde uly üstünlikler arzuw edildi.

Seýýara ROZYBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 12 okalan

SPORT SAGLYK – SAGDYNLYK

24 Sentýabr 2025 | 10 okalan

ÝOLLARYMYZ ASUDA – ILLERIMIZ ABADAN

24 Sentýabr 2025 | 13 okalan

KITAP ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY