MERDANA GERÇEKLERE ŞÖHRAT BOLSUN ŞAN BOLSUN!

Bu günki gün türkmen halkymyz Watana wepaly gulluk etmegiň beýik nusgasy bolan gercekleriň hem-de 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň pidalarynyň öňünde baş egýär. Aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar, weteranlar hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň maşgala ojaklary uly üns-alada bilen gurşalýar. Ata-babalarymyzyň Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşip, görkezen gahrymançylyklary halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalyk bolup durýar.

Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler

1948-nji ýylyň tebigy betbagtçylygy adamlaryň güýjüni hem-de agzybirligini pugtalandyrdy, olary jebisleşdirdi. Hasratly günlerde olar özleriniň iň gowy häsiýetlerini, çäksiz ruhy jomartlygyny, gaýduwsyzlygyny hem-de edermenligini görkezdiler.

Ähli uruşlarda hem-de ýer titremesinde wepat bolan şehitlerimizi ýatlap “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumyna gül goýmak hatyra çäresi her ýyl dowam etdirilýär. Elbetde, öten-geçenleri ýatlamak Garaşsyz Watanymyzda mertlik, merdanalyk bilen asudalyk ugrunda janlaryny orta atanlar üçin edilýän hormat sarpadan nyşandyr.

Taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimizi ýatlamaga, hormatlamaga, olaryň Watanymyz, halkymyz üçin bitiren beýik işlerini ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ismail ÝAKUBOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 17 okalan

ÝAŞULULAR — ÝAŞ NESILLERE GÖRELDE

01 Oktýabr 2025 | 155 okalan

ÝAŞULULAR – GÖRELDE MEKDEBI