15-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdy.
Ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi göni aragatnaşyk arkaly paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak hem-de onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Häkim hojalyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler, şäher gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak, desgalary, seýilgäh zolaklaryny döwrüň talabyna laýyk derejede saklamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmegi talap etdi.
Soňra Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimleri öz nobatlarynda göni aragatnaşyk arkaly hormatly Prezidentimize ozal berlen tabşyryklar boýunça özlerine degişlilikde alnyp barlan işler dogrusynda hasabat berdiler.
Şeýle hem häkimler gözegçilik edýän welaýatlarynda ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada aýtdylar.
Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini öz wagtynda geçirmek, meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri güýçlendirmek, gök-bakja ekinlerini, miweli baglary köpräk ekmek bilen baglanyşykly düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagy tabşyrdy.
Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Ilatyň durmuş üpjünçiligi meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işlemegini ýola goýmagy häkimlere tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösüşiniň we halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
18.01.2018ý.












