ASYRLARYŇ ÝAŇY BARDYR GADYMY KÖNEÜRGENÇDE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar barada döwlet syýasatynyň çäklerinde bagtyýar ýaşlarymyzyň ylym, bilim we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýakynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlara gadymy ýadygärliklerimiziň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, Köneürgenç etrap we Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda «Asyrlaryň ýaňy bardyr gadymy Köneürgençde» atly gezelenç çäresi guraldy.

Ýaşlar «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyň ýadygärliklerine gezelenç edip, goraghananyň hünärmeniniň gürrüň beren gyzykly taryhy maglumatlary ýaşlarda uly täsirlenme galdyrdy.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar taryhy we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, olary ýaşlara wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

09 Oktýabr 2025 | 19 okalan

ZENANLAR – WATANYMYZYŇ MERTEBE TUGY

04 Oktýabr 2025 | 108 okalan

SAGDYN ÝÖRELGE — SAGDYN RUH