ÇAGA ERTIRKI ŞAHSYÝET

Terbiýäniň düýp binýady maşgaladan başlanýar. Türkmeniň ýaşaýyş-durmuş kadalary maşgalada göwnejaý ýöredilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal-päkize nesil ýetişýär. Täze taryhy zamanada biz ylymly-bilimli, akylly-başly, edepli-ekramly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesliň terbiýe meselesinde, ilkinji nobatda maşgala daýanmalydyrys. Çünki, maşgala biziň baş galamyz.

Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala, islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti diýseň uludyr. Ol ýaşlara edep-terbiýe berip, ony durmuş ýoluna salýar, jemgyýet bilen ysnyşdyrýar. Çagalarymyzy terbiýelänimizde, diňe özümiziň şahsy bähbidimizi däl-de, eýsem döwletimiziň bähbidini hem göz öňünde tutmalydyrys. Çaga döwlete daýanmaly, özi hem onuň diregi bolmaly.

«Çagany ýaşdan» diýip, ýöne ýere aýdylanok. Ýaşlykda gözüniň gören zady, gulagynyň eşiden habary çaga gowy täsir edýär. Terbiýe her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, onuň häsiýetine, islegine görä bolmaly. Ata-babalarymyz çaga terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşip, durmuşda gabat gelýän edim-gylymlar bilen bagly terbiýeçilik ähmiýeti bolan, geljekde-de öz halkyna peýda berjek ýörelgeleri, yrymlary, däpleri döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Terbiýe meselesinde pederlerimiziň goýup giden ýörelgeleri biziň üçin uly zat. Iň bärkisi olaryň: «Terbiýe meselesinde ýalňyşara ýer ýok» diýen kesgitlemesi eýýäm köp zat barada habar berýär.

Halkymyzda «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen pähim arkaly durmuşda adam bolmagyň, alym bolmakdan hem kyndygy aýdylýar. Adamkärçilik diýlen sözüň ine şu pähim bilen berk arabaglanyşygyny görýäris. «Çaga – eziz, edebi ondanam eziz». Çaganyň kalby tämiz bolýar. Kowusnamada «Perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur» diýilýär.

Sokrat okuwçylaryň özbaşdak pikirlenip bilmegine aýratyn üns beripdir. Käte bir zat hakda pikirlenmekleri üçin okuwçylaryny bir günläp suwuň kenarynda galdyrýan wagtlary-da bolupdyr. Alymyň pikirine görä, öz içki «menini» tapyp, haýsydyr bir esere düşünip, onuň mazmunyny özüçe gürrüň berýän okuwçy ýa talyp esere düşünmän, onuň her sahypasyny sözme-söz ýatdan aýdýandan haýyrlyrakdyr. Bu ýaş adamyň özbaşdak pikirlenmek ukybynyň möhümdigini görkezýär.

Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, islendik döwletli işi ýola goýmak, amala aşyrmak we şol meselede üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda erk-ygtyýar, sabyrlylyk, tutanýerlilik zerur. Ýadaman, ýaltanman şol ugurda göreşmeli, irginsiz zähmet çekmeli. «Zähmet soňy rehnet» diýlişi ýaly, seniň azabyň soňy netijeli bolar, eşretli durmuşa gözüň düşer.

Serwi AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Oktýabr 2025 | 30 okalan

ÇAGA ERTIRKI ŞAHSYÝET