BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag hem-de Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli saglyk ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Sagdyn jemgyýet – bagtyýar durmuşyň kepili» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezinde geçirilen bu duşuşykda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler, halkymyzyň saglygyny goramak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler, şol sanda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri uly buýsanç bilen bellenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermeginde bejergi alýan Nuraly Baýramdurdyýewiň ejesiniň çykyşy bolsa, ýurdumyzda kabul edilen «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli Strategiýanyň işjeň durmuşa geçirilýändigini hem-de halkymyzyň ynsanperwerlik ýol-ýörelgeleriniň döwrebap mazmunda amal edilýändigini aýdyň görkezdi.

Şeýle hem brifing duşuşygynda oňa gatnaşyjy ýaş saglygy goraýyş işgärleri özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen çykyş edijilere ýüzlenip, kanagatlanarly jogaplary aldylar.

Beýzaly ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 61 okalan

IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY

09 Oktýabr 2025 | 49 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI