Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda tebigaty gorap saklamak, daşky gurşawyň arassalygyny hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin täze ykdysady ýol — ýaşyl ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar. Bu düşünje diňe ykdysady ösüşe eýe bolman, eýsem, bütin adamzadyň uzak geljekdäki sagdyn ýaşaýşyny goramaga gönükdirilen ýörelgeleri özünde jemleýär.
Ýaşyl ykdysadyýet baradaky düşünje ilkinji gezek geçen asyrda ylmy işlerde peýda boldy. Soňra 1992-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň Daşky gurşaw we ösüş boýunça konferensiýasynda bu ugur uly üns merkezine eýe boldy. 2012-nji ýylda geçirilen Rio+20 halkara maslahatynda bolsa, ýaşyl ykdysadyýet durnukly ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde resmi taýdan kabul edildi.
Ýaşyl ykdysadyýetiň maksady ykdysady ösüş bilen daşky gurşawy goramagyň sazlaşygyny üpjün etmekden ybarat. Onuň esasy ýörelgeleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ýagny gün, ýel, suw energiýasyndan peýdalanmak, tebigy baýlyklary tygşytly ulanmak, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ösdürmek, ulag ulgamyny kämilleşdirmek hem-de täze, ekologiýa taýdan arassa iş orunlaryny döretmäge esaslanýar.
Biziň ýurdumyzda hem ýaşyl ykdysadyýete uly üns berilýär. “Akylly” we ekologiýa taýdan arassa Arkadag şäheri ýaşyl ykdysadyýetiň aýdyň nusgasydyr. Şeýle-de, gün we ýel energiýasy boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlaryna şaýatlyk edýär.
Ýaşyl ykdysadyýet häzirki döwrüň talaby bolmak bilen, tebigaty goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin bu ugra daýanmak we ony ösdürmek dünýä ýurtlarynyň öňünde durýan iň möhüm hem-de wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy.