WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň guramagynda  Türkmengala etrap hassahanasynda «Il saglygy ýurt baýlygy» atly wagyz-nesihat duşuşugy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Tylla Rahmedowa, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň başlygy Serdar Orazow, Türkmengala etrap hassahanasynyň lukmany Aýna Mämmedowa we hassahananyň sanjym şepagat uýasy Tawus Jumakulyýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda her bir raýatyň abadan, sazlaşykly ösmegi, ruhubelent bolmagy üçin saglygyny berkitmeginiň baş gural bolup durýandygyny belläp, ilatyň saglygyny goramakda döwlet syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň sagdyn, abadan durmuşda ýaşamagy üçin şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rahym GARLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 35 okalan

KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

17 Oktýabr 2025 | 38 okalan

MEKDEP MUZEÝINE GEZELENÇ GURALDY

17 Oktýabr 2025 | 28 okalan

BITARAPLYK – BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY