Golaýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 7-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi, Magtymguly etrap polisiýa bölümi hem-de Magtymguly etrap bilim bölüminiň guramagynda mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler kanun bozulmalaryň öňüni almak, Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, tebigaty goramak, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, sagdyn durmuş, milli ahlak ýörelgeleri barada düşündirdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ähli halkymyz, şol sanda ýaş nesil hakynda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Durdy DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.