Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkan welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi täze belentliklere çykarmaga, okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat dowamdygyny çeper sözüň üsti bilen açyk görkezmek, şeýle hem ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, millilik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, «Kämil ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy» atly şygar astynda talyp ýaşlar bilen bilelikde gezelenç çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň ýurdumyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmekleri, ylym-bilime höweslenmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny, şol sanda bagtyýar ýaşlary abadan, eşretli durmuşyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hakmyrat KIŞJIKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň başlygy.