Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 34-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýaş nesilleri kitaphana çekmek maksady bilen «Kitap dünýäniň açary» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda mekdebiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Sona Muhamowa çykyş edip, ol kitaphanalary baýlaşdyrmakda, ýaşlary kitaba, kitaphana çekmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin belläp geçdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň ähmiýetini ýaşlara düşündirdi.
Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagy, yhlasly işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.
Zylyha BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.