KEÇEÇILIK SUNGATY

Keçeçilik – türkmen halkynyň gadymy hem gymmatly el sungatlarynyň biridir. Bu sungat diňe bir gündelik durmuşda peýdalanylýan senet däldir, eýsem halkyň döredijilik zehininiň, zähmetiniň we milli medeniýetiniň aýdyň nyşanydyr. Keçeçilik sungaty türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň, öý bezeginiň hem-de däp-dessurlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Keçeçilik sungatynyň taryhy müňlerçe ýyl ozal başlanypdyr. Keçe gadymy türkmenleriň ýaşaýyş şertine laýyk iň möhüm senetleriň biri bolupdyr. Keçeden ýasalan önümler öýüň içinde ýylylyk saklamakda, sowukdan goramakda we dürli bezeg maksatlarynda ulanylypdyr. Arheologik tapyndylar hem keçeçilik sungatynyň türkmen topraklarynda gadymdan bäri ösüp gelendigini tassyklaýar.

Häzirki döwürde keçeçilik sungaty diňe bir halk senedi hökmünde däl, eýsem dünýä derejesinde tanalýan medeni gymmatlyga öwrülýär. Keçe önümleri häzirki zaman bezeg sungatynda, öý bezeglerinde we sowgat hökmünde hem giňden ulanylýar.

Keçeçilik sungaty – türkmen halkynyň zähmetiniň, zehininiň we döredijiliginiň miwesidir. Ol diňe bir maddy däl, eýsem ruhy baýlykdyr. Bu sungaty saklamak, ösdürmek we ýaş nesillere öwretmek – ata-babalarymyzyň döredijilik ýoluna hormat goýmagyň alamatydyr. Türkmeniň keçeçilik sungaty onuň milli medeniýetiniň beýik nusgasy bolup, dünýäniň medeni mirasyna goşant goşýan gadyrly sungatdyr.

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 64 okalan

KEÇEÇILIK SUNGATY

16 Oktýabr 2025 | 141 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY HAZYNASY