AŞGABATDA TALYPLARYŇ ARASYNDA HIMIÝA BOÝUNÇA IV HALKARA OLIMPIADA GEÇIRILÝÄR

Türkmenistanyň paýtagtynda ýokary okuw mekdepleriň arasynda himiýa boýunça geçirilýän IV halkara olimpiada badalga berildi. Himiýaçylaryň bäsleşigi 15 – 17-nji oktýabry aralygynda geçirilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Ders bäsleşigi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda oňa baryp gatnaşmak arkaly türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýär. Akyl-paýhas bäsleşigi «A» we «B» tapgyrlarda şahsy görnüşde geçer.

«A» tapgyra gönüden-göni himiýa hünäri boýunça bilim alýan, «B» tapgyryna bolsa himiýa hünäri boýunça bilim almaýan talyplar gatnaşýarlar.

Her ýokary okuw mekdepden her tapgyr boýunça gatnaşýanlaryň sany taýýarlygyň bakalawr we hünärmen ugurlarynda okaýan dört talypdan, şeýle hem bir ylmy ýolbaşçydan, ýagny 4+1 möçberden geçmeli däldir.

Şahsy netijeleriň görkezijileri boýunça bäsleşigiň jemleri jemleniler. Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektory Durdymyrat Annaýew bilim gözden geçirilişiniň açylyş dabarasynda çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan wezipeleriniň we bilimiň, öňdebaryjy usulyýet esaslarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

«Bu ugurda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň we strategiýalaryň çäklerinde ýaşlary okatmak we terbiýelemek, olaryň ele alýan hünärlerini özleşdirmekleri, Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna wepaly, sagdyn nesilleri kemala getirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanda ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirip bilýän hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen täze ugurlar we hünärler yzygiderli açylýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçirilýän himiýa boýunça IV halkara olimpiada hem munuň aýdyň subutnamasydyr» diýip, ol aýtdy.

Himiýa boýunça olimpiada Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden talyplaryň 100-den gowragy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden talyplaryň 150-si gatnaşýarlar.

Ders bäsleşiginde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň bilermenleri eminlik ederler, Ýaponiýanyň alymlary synçy hökmünde gatnaşýarlar.

Guramaçylar himiýa boýunça halkara olimpiadanyň talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna, ýaşlara himiýa ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribeleri bilen tanyşmaga hem-de öz hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirýärler.

turkmenistan.gov.tm