GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP DÖWLETIMIZ - DÜNÝÄ NUSGALYK

Hemişelik Bitaraplyk bu gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hakydasydyr, şu gününe ygtybarly ynamydyr, ertirine ýol çelgisidir. Halkymyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan taryhy akabalarynyň, medeni hem ruhy däpleriniň adalaty, erkinligi, agzybirligi, hoşniýetli goňşuçylygy, mertligi we bitewiligi wasp etmedik döwri bolan däldir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, syýasy durnuklylyk, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we ykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgütlerine işjeň gatnaşýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Aziýanyň ylalaşdyryjy merkezi hökmünde halkara arenasynda tanalýan mekanymyz syýasat, saglyk, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Gadymdan gelýän däplere eýerip, häzirki wagtda hem paýtagtymyz Aziýa bilen Ýewropany biri-birine birleşdirýän, söwda hem-de ulag-üstaşyr köpri bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň  dünýädäki ornuny has-da beýgeldýär. Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşyp Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi, halkara parahatçylygy ýola goýmak boýunça birnäçe kararnamalary teklip etdi. Munuň özi bolsa Bitaraplyk syýasatymyzyň dünýäde dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden milli halk häkimiýetlilik, parahatçylyk, asudalygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzdan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasaty ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeler dünýäde uly goldawa eýe bolýar we bu günki gün, ýurdumyz syýasy-strategik ugry bilen sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda dünýä arenasynda mynasyp orna eýedir.

Parahat SÖÝÜNOW,

Türkmenistanyň Içeri işler

ministrliginiň institutynyň uly mugallymy,

polisiýanyň uly leýtenanty

Meňzeş habarlar