Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelerini çuňňur amal etmek bilen, halkara giňişliginde parahatçylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan parasatly syýasaty alyp barýar.
Halkara, döwletara gatnaşyklarynda ýüze çykýan islendik meseläni diplomatik gurallar arkaly — gepleşikleri geçirmek ýoly bilen çözmegi öňe sürýär. Döwletimiz bu ugurda taraplaryň her biri üçin bähbitli gurallary hödürleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän ýörelgelere eýerip, halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegini gazanmak maksady bilen, halkara guramalary we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halklaryň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy babatda özara bähbitli syýasaty alyp barýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Sessiýanyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip etdi. Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ähli tagallalarynyň dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegine has köp döwletiň gatyşmagyny gazanmaga, halklary ýakynlaşdyrmaga, özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilendigini görkezýär.
Dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Sähragül IŞANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.