GÖWÜN SÖÝEN GÜÝZÜM

Güýz paslynda tebigat ajaýyp keşbe bürenýär. Bu gözellikler adama ruhy taýdan oňyn täsir edýär. Güýz hakynda oýlanmak, pikirlenmek kalbyňa rahatlyk berýär. Belki şonuň üçin-de şahyrlar hem güýz hakynda çeper goşgulary goşupdyrlar. Güýz paslynda agraslyk bar, özboluşly pelsepe bar. Güýz pasyllaryň berekedi bolup gelýär, ýeriň, topragyň berekedi hem güýzde ýygnalýar. Bularyň hemmesi bu pasla özboluşly gözellik berýär.

Altyn güýzde ýagyş ýaganda, tebigat has-da gözel görnüşe girýär. Güýz tebigata öz hökümini ýöredip, ony altynsow-gyzyl reňke boýasa-da, sowuk ýagyş damjalary sarylygyň reňkini ýuwup, daş töwerege nuranalyk çaýýan ýaly bolýar. Güýz ýagşy sussupeslikden saplanmak üçin ajaýyp pursatdyr. Eger güýçli ýagmaýan bolsa, ýagyşda ýöremek we oňa ezilmek adamyň ruhy ýagdaýyna peýdalydyr.

Bu pasylda adamlar sowukdan goranmak üçin ýyly geýim geýip başlasalar, bag-bakjalar bolsa ýapraklaryny saraldyp düşürýärler. Saralyp gaçan ýapraklar bolsa, göýä diýersiň, ene Ýeriň üstüne ýapylan sary öýme mysaly oňa aýratyn gelşik berýär. Bu gözellikleri synlap, şunuň ýaly parahat, asuda, owadan Watanda doglandygyňa, ýaşaýandygyňa şeýle bir buýsanýarsyň welin, hyýalyň al-asmana guş bolup uçýar.

Parahatlyk, asudalyk hemme zatdan möhümdir. Çünki ol adamzat ýaşaýşynyň asudalygynyň goragydyr.

Sähra TÄJIMYRADOWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt

dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň 9-njy synp

okuwçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar