Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň özbaşdak telekeçilik işini ýola goýmagy we sanly ulgamy netijeli ulanmak başarnyklaryny ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu syýasat, ýaşlaryň ykdysady ylym barada düşünjelerini artdyrmak, iş taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli usullaryny öwretmek we sanly ulgamy işjeň ulanmak başarnyklaryny berkitmek maksadyna esaslanýar.
Bu ugurda möhüm başlangyçlaryň biri hökmünde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi tarapyndan her hepdäniň şenbe güni geçirilýän “Ýaş telekeçiler we sanly mümkinçilikler” atly gurnagyny görkezmek bolar. Gurnak ýaş telekeçileri, IT bilermenleri we ýurdumyzyň öňdebaryjy işewürlerini özünde jemleýär.
Gurnagyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşan ussat işewürler ýaşlara iş meýilnamalaryny döretmek, taslamalary amala aşyrmak we sanly ulgamy netijeli ulanmak boýunça amaly maslahatlary berdiler. Ýaşlar hem öz gezeginde birnäçe täze taslamalaryny bilen çykyş edip, işewürleriň ünsüni çekmegi başardylar.
Merkeziň hepdelik duşuşyklary ýaşlara tejribeli hünärmenlerden maslahat almaga, sanly ulgamy netijeli ulanmak usullaryny öwrenmäge we iş taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň inçe syrlaryny özleşdirmäge giň mümkinçilik döredýär. Elbetde, gurnagyň esasy aýratynlygy onuň Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty bilen utgaşyklylygydyr. Döwlet syýasaty ýaşlaryň ykdysady işjeňligini artdyrmagy, sanly çözgütlerden peýdalanmagy we telekeçilik başlangyçlaryny goldamagy ileri tutýar. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gözbaş alýar.
Goý, ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ejeş YMAMKULYÝEWA,
Türkmen döwlet Maliýe institutynyň magistranty.












